Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligi

Biziň kärhanalarymyz

Ministrlik
barada

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 1995-nji ýylyň maý aýynyň 5-däki “Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň meseleleri hakynda”karary esasynda döredildi.
Häzirki wagtda ministrligiň düzüminde nah ýüplük,dürli görnüşli dokalan we örme matalar,taýýar tikin we trikotaž önümleri,aýakgap önümleri,ýüpegi gaýtadan işleýän hem-de göni ilkinji işleýän önümçilik, haly we haly önümlerini öndürýän kärhanalaryň 80den gowragy işleýär.
Öndürilýän dokma önümleriniň 70-80%den gowragy Armeniýa, Singapur, Belorussiýa, Özbegistan, Russiýa, Ukraýina, Eýran, Hytaýa, Azerbaýjan, Turkiýa we beýleki daşary ýurtlaryna satylýar.
Kärhanalara häzirkizaman enjamlaryny ornaşdyrmak bilen bir hatarda, öndürilýän önümleriň hiliniň ýokarlandyrmagyna we olaryň ekologiýa taýdan howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk getirmäge uly üns berilýär.
“Türkmenbaşy Dokma Toplumy”,”Türkmenbaşy Jins Toplumy”,”Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky Dokma Toplumy”,”S,Nyýazow adyndaky Dokma Toplumy”,”Aşgabadyň Dokma Toplumy” we Kakadaky “ Serdar” pagta egriji fabrigi ýaly pudagynyň öňdebaryjy kärhanalary dünýä ýüzünde tanymal bolmak bilen,ISO 9001 we 9002”Önümçiligi dolandyrmagy ulgamlaşdyrmak we hil gözegçiligi” hem-de ISO14001”Daş töwerekdäki gurşawy goramak”OHSAS18001”Kärhanalarda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy üpjün etmek”ýaly halkara sertifikatlaryna mynasyp boldular. Mundan başga-da pudagyň garamagyndaky kärhanalaryň birnäçesinde WRAP”Taýýar önümler önümçiliginde bütindünýä jogapkärçiligi”ülňileri ulanylýar.Şeýle hem Aşgabadyň dokma toplumy “SA 8000:2008”Sosial düzgünlerne jogapkärçilik düzgünleri”sertifikadyna mynasyp boldy.
Dokma kärhanalarynda Ýaponiýanyň we Ýewropa döwletleriniň dünýä belli,ýagny “Rieter”(Şwesariýa), “Trutzschler”,”Schlafhorts”(Germaniýa), “Marzoli”(Italiýa), “Juki”,”Tsudakoma”(Ýaponiýa), “Pikanol”(Belgiýa) kompaniýalarynyň häzirki zaman tehnologiki enjamlary ornaşdyrylan.
Taýýar önümlerimizi eksport edilýän kompaniýalarynyň arasynda Zorlu Textile, IKEA, Sears, Colin’s, Lewis, Zara, Miss Erika, Foot Locker, Zolla, LC Waikiki, Mosi’s ýaly dünýä belli brendlar hem bar.
Şeýle hem pudagyň eksport potensialyny berkitmek we geljekde dinamiki ösüşini üpjün etmek maksady bilen innowasiýon esasda toplumlaýyn çäreler alnyp barylýar. Olar täze önümçilikler döretmäge ,hereket edýänleriniň kuwwadyny artdyrmaga,şeýle-de daşary ýurt inwistisiýalarynyň ünsüni çekmegi talap edýäler.
Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrliginiň hünärmenleri tarapyndan belli bir maksatnama işlenilip, onda senagaty önümçilik-tehniki taýdan täzelemek, düzümini özgertmek, innowasion we ylmy tutumly önümçilik döretmek ýaly işler alnyp barylýar.2019-2025-nji ýyllar içinde önümçilik-tehniki potensialyny berkitmek ugrunda 100mln. ABŞ dollaryny inwestirlemek gözegine tutulýar.
Öňde goýulan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde Dokma Senagaty ministrliginiň haryt önümçiliginiň göwrümi täze önümçilik bölümi boýunça 1mlrd.man. barabar bolar. Öndüriljek önümleriň belli bir bölegini import harytlarnyň ornuny tutjak taslamasyna laýyklykda içerki bazaryň zerurlygyny kanagatlandyrmak gözegine tutulýar, şeýlelikde 150mln. ABŞ dollary möçberinde pul serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berer. Galan bölegi hem daşarky bazara eksport ediler.
Eksport harytlaryndan geljek umumy girdeýjisiniň göwrümi 140mln. ABŞ dollaryna barabar bolar.
Iri maýa goýumlar häzirki zaman ekologik taýdan arassa tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze guramalara, şeýle hem pudagyň potensialyny Dünýä bazarynyň talaplaryna we içerki isleglere laýyklykda ösdürmäge gönükdiriler.