Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligi

Biziň kärhanalarymyz

Täzelikler

Çeper eller

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi

“Sagdynlygyň we Ruhubelentligiň ýylynda” Türkmenistanyň Dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli 2017-nji ýylyň iýun aýynyň 3-4-ne geçiriljek “Türkmen Dokmasy-2017” atly dokma önümleriniň halkara sergisi mynasybetli häzirki zaman egin-eşiklerini döretmek boýunça zehinli dizaýnerleriň arasynda “Çeper eller” atly bäsleşigi yglan edýär.

Bäsleşige hemme isleg bildirýän adamlar gatnaşyp bilýärler.

Bäsleşik esasy 3 görnüşler boýunça geçirilýär:
*Gündelik geýilýän egin-eşikleriň kolleksiýasy*
*Baýramçylyk lybaslarynyň kolleksiýasy*
*Ýurdumyzda 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň egin-eşikleri*

Ýeňijiler sowgatlar bilen sylaglanarlar.
Baş baýraga mynasyp bolan ýeňiji “Ýylyň dizaýneri” ady bilen bellener.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleriň arzalary 20.05.2017ý. çenli kabul edilýär.

Biziň salgymyz: 744000 Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 96

Email: TmTextile@mail.ru
Tikinbolum@mail.ru

Tel: 407071; 407068; 407069; 407176.