Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligi

Biziň kärhanalarymyz

Täzelikler

2018-nji ýylyň gyş-ýaz möwsüm üçin moda täzelikleri

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalar tarapyndan gyşky möwsüm üçin täze lybaslaryň görnüşleri işlenilip taýýarlanyldy we öndürilip başlandy. 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda hem-de 11-nji dekabrynda “Altyn Asyr” harytşynaslyk merkezinde täze önümleriň görkeziliş dabarasy gurnalyp, bu ýerde örme hem-de jinsy matalardan, şeýle hem ýüň, drap we kaşemir matalaryndan tikilen gyş-ýaz möwsümiň egin-eşikleriniň täze görnüşleri ilata görkezildi. Aşgabadyň Modeller Öýüniň, Atamyrat Nyýazow adyndaky Gökdepe dokma toplumynyň, S. Nyýazow adyndaky Gypjak dokma toplumynyň, Türkmenbaşy Tekstil kompleksiniň, Türkmenbaşy Jins toplumynyň, Aşgabadyň “Bahar” önümçilik birleşiginiň, “Ahal” tikinçilik birleşiginiň, Marynyň “Ýeňiş” fabriginiň, Daşoguzyň “Çeper” tikin fabriginiň, Türkmenabadyň tikin fabriginiň dizaýnerleri özleriniň taýýarlan erkekler, aýallar hem-de çagalar üçin niýetlenen täze görnüşli egin-eşiklerini, ýagny jins toplumlaryny, sport geýimlerini, ýyly örme matalardan paltolary, frençleri, penjekleri, jaketleri, köýneklerini hödürlediler. 2018-nji ýylyň dekabr aýynyň 5-12-si aralygynda ýurdumyzyň dokma pudagyna degişli dükanlarynda gyş-ýaz möwsümine degişli täze dokma önümleriniň sergi-ýarmarkalary geçirildi. Önümleriň ähli görnüşleri rahat, berk, ekologik taýdan arassa, häzirki zaman modalaryna laýyk gelýän hem-de elýeter bahaly bolup durýar. Dokma pudagynda öndürilýän ýokary hili we dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegine hem-de önümleriň görnüşleriniň giňelmegine, kärhanalarda ornaşdyrylan dünýä belli öndürijileriň ýöriteleşdirilen enjamlar, girizilen tehniki täzelikler arkaly mümkin boldy.