Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligi

Biziň kärhanalarymyz

Täzelikler

“Heimtextile-2019” atly halkara sergisi

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligiň garamagyndaky kärhanalaryň wekilleri Gernamiýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde 2019-njy ýylyň 8-11-nji ýanwary aralygynda geçirilen “Heimtextile-2019” atly halkara sergisine gatnaşdylar.
“Heimtextile-2019” – bu interýer bezegleri üçin niýetlenen öý dokma önümleriniň we matalaryň Halkara sergi –ýarmarkasy bolup, ol 1971-nji ýyldan bäri Gernamiýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde her ýylyň ýanwar aýynda geçirilýär. Bu sergä interýer bezegleri üçin niýetlenen öý dokma önümlerini we matalaryny öndürýän dünýäniň ähli künjeginden dokma senagaty pudagynyň öňde baryjy kärhanalary gatnaşýar.
“Heimtextile-2019” sergide dünýäniň 65 döwletinden, ýagny ABŞ, Kanada, Germaniýa, Italiýa, Fransiýa, Türkiýe, Pakistan we ş.m. döwletlerden 3000-den gowrak eksponentler görkezildi.
Bu Halkara sergi-ýarmarkasynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem öz ýokary hilli dokma önümlerini görkezdi. Bu sergide türkmen dokma önümleriniň hatarynda serginiň esasy talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli ekologiki taýdan arassa we rahatlygy bolan düşek toplumlary, sütükli matalary we taýýar önümler, aşhana we hammam toplumlary hödürlendi.
Bu serginiň çaginde türkmen wekilleri sergileri gurnamak boýunça dünýäde ady belli Germaniýanyň “Messe Frankfurt” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdylar. Bu duşuşyklaryň dowamynda taraplar Türkmenistanda öndürilýän dokma önümleriniň dünýä bazaryndaky gerimini giňeltmek we hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdylar.
Gernamiýa Federatiw Respublikasynyň Gannower şäherinde 2019-njy ýylyň 11-14-nji ýanwary aralygynda geçirilen “Domotex-2019” atly halkara haly sergisine ýurdumyzyň dokma pudagynyň wekilleri hem gatnaşdy. 1989-njy ýyldan bäri her ýylda geçirilýän bu sergä dünýäniň 60 döwletinden 1400-den gowrak eksponentler gatnaşdylar. Bu sergide ýurdumyzyň dokma senagaty tarapyndan türkmeniň taryhyny, milli medeni mirasyny wasp edýän hem-de daşary ýurtly gatnaşyjylary haýran galdyrýan türkmen el halylary hödürlendi.
Häzirki wagtda, Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde 2019-njy ýylyň 15-18-nji fewral aralygynda türkmen halylarynyň we dokma önümleriniň, milli şaý-sepleriň sergisini geçirmek boýunça işjeň taýýarlyk işleri alnyp barylýar.