Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligi

Biziň kärhanalarymyz

Täzelikler

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Aşgabat şäherindäki medisina hem-de kosmetiki pamyk önümlerini öndürýän fabrigiň çäginde dokalmaýan matanyň önümçiligini ornaşdyrmak boýunça Halkara bäsleşigi barada BILDIRIŞ

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan, ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.

Ähli höwes bildirip gatnaşmak isleýänlere teklip edilýär:
- bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, hasaba alnan ýurdyny we rekwizitlerini görkezmek bilen yazmaça talapnama berilmeli;
- bäsleşik geçirmekligiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
- dokalmaýan matanyň önümçiligini ornaşdyrmak boýunça tehniki tabşyrygy almaly;
- getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen täjirçilik teklibi düzüp tabşyrmaly;
- bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-yň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15% GBüS tölemeli.

Bäsleşik tekliplerini aşakda görkezilen salga ibermeli:
Aşgabat ş. , Garaşsyzlyk şaýoly, 96
Bäsleşik teklipleri hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.
Bäsleşik teklipleri 26.03.2019ý. çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-71-77, 40-71-57