Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligi

Biziň kärhanalarymyz

Täzelikler

Halkara sergisi “China International Import Expo2019”

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndaky kärhanalarda dünýä bazarynda bäsleşige ukyply ýokary hilli dokma önümleri öndürilýär we olary dünýä bazaryna çykarmak üçin uly mümkinçilikler döredilýär. 2019-njy ýylyň noýabr aýynyň 5-10-y aralygynda Hytaý Halk Resbpblikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek “China International Import Expo2019” atly halkara sergisine hem dokma pudagynyň wekilleri ýurdumyzda öndürilýän iň ýokary hilli önümlerimizi mahabatladyrmak üçin gatnaşmagy meýilleşdriýär.
Şunuň bilen baglanyşykly, ministrligiň we garamagyndaky kärhanalaryň ýokary guramaçylykly agzalary taýýarlyk işlerini alyp barmak hem-de ýurdumyza böülnip berlen meýdançada häzirki zaman dokma önümlei ýerleşdirilen stendini taýýarlamak, şeýle hem ýurdumyzyň maýa goýum we söwda, haryt we hyzmatlar söwdasy, senagat we syýahatçylyk ýaly ösen pudaklarynyň ýeten derejelerini görkezmek maksady bilen Şanhaý şäherine uçýarlar.
2018-nji ýylda geçirilen China International Import Expo -2018” atly halkara sergisine hem 151-den gowrak daşary ýurt döwletleri gatnaşdy we şolaryň hatarynda Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň dokma pudagynyň wekilleri hem gatnaşyp, bu sergide biziň ýurdumyzyň üstünlikli ösüşlerini görkezmek bilen bir hatarda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen ýokary hilli ekologik taýdan arassa 100 % pagtadan öndürilen iň oňat harytlary bilen gatnaşdy.
Ýurdumyzyň dokma pudagynyň wekilleriniň daşary ýurtlarda geçirilen halkara sergilere yzygiderli gatnaşylmagynyň netijesinde eksport edilýän önümleriň möçberiniň artmagyna öz tasirini ýetirýär.