Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligi

Biziň kärhanalarymyz

Täzelikler

GDA döwletlerinde deňi taýy bolmadyk kärhana-Aşgabadyň dokma toplumy

Pagta hasylynyň ýygnalyp, taýýar önüm hökmünde alyjylara hödürlenmeginde dokma toplumyna degişli kärhanalar esasy geçiriji bolup hyzmat edýär.
Dokma önümleriniň köpdürliligini gazanmak onuň düşewentliligine oňyn täsirini ýetirýär. Önümleriň satyş we marketing ugurlaryna halkara ulgamda kabul edilen döwrebap esaslara görä çemeleşmek bolsa, isleg bildirýän daşary ýurtly bazarlaryň köpelmegine getirýär.
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda dokma önümleriniň hili we tapawutly marketing usullary bilen halkara dokma bazarynda ornuny pugtalandyrmagy dowam edýän Aşgabadyň dokma toplumynyň (ADT) önümçilik desgasyna “Biznes Türkmenistan” neşiri aýlanyp görmekleriniň netijesinde GDA döwletleriniň hatarynda bu kärhana deňi taýy tapylmadygyny aýdýarlar.
Biz hem öz garamagymyzdaky kärhanalaryň ýokary ösüşlerine buýsanýarys.