Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligi

Biziň kärhanalarymyz

Täzelikler

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi halkara “Heimtextile-2020” sergisine gatnaşar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi indi bäş ýyl bäri öz önümleri bilen her ýyl geçirilýän “Heimtextile-2020” halkara sergisine gatnaşýar. Soňky iki ýylyň dowamynda bolsa, halkara derejesinde geçirilýän sergileriň ählisine gatnaşmagy ýola goýdy. Bu bolsa pudagyň mundan beýläk-de ösmegine kuwwatly itergi berýär.
Häzirki wagtda toplumyň hünärmenleri “Heimtextile-2020” halkara sergisine taýýarlanýarlar. Bu sergi Frankfurt (Germaniýa Federatiw Respublikasy) şäherinde 2020-nji ýylyň 7 – 10 -njy ýanwary aralygynda geçiriler. 2020-nji ýyl “Heimtextile-2020” kompaniýasy üçin şanly ýyldyr. Kompaniýa özüniň 50 ýyllyk ýubileý baýramçylygy mynasybetli serginiň has täsirli guralmagy üçin köp sanly işleri meýilnamalaşdyrýar. Özüniň ýarym asyrlyk taryhynyň içinde “Heimtextile-2020” kompaniýasy uly ösüşlere eýe boldy. 1991-nji ýyldan başlap, öz önümlerini daşary ýurtlara eksport etmegi bilen, dünýä bazarynda mynasyp orun aldy.
Halkara derejede geçjek nobatdaky serginiň meýdany örän uly bolup, ol ýerde dürli görnüşli önümleri sergide ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Bu ýerde owadan matalar, penjire tutulary, dokalan žalýus matalary, halylar, ýorgan-düşek toplumlary, ýatylýan otaglar, eýwan, naharhana üçin ýörite niýetlenen dokma önümleri görkeziler. Bulardan başga-da, bu ýerde ýörite maslahatçylar hem bolar. Munuň özi serginiň oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrjakdygyndan habar berýär.
Türkmenistanyň dokma pudagynyň önümleri hem özüniň hiliniň ýokarylygy, görnüşleriniň dürlüligi, şeýle-de owadanlygy bilen tapawutlanýar. Şoňa görä-de, önümleriň islendik görnüşi dünýä bazaryndaky önümleriň mynasyp bäsdeşidir. “Heimtextile-2020” halkara sergisinde Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligi tarapyndan dürli görnüşli ýorgan-düşek toplumlar, halylar, çalgyçlar, ýüplikler we çig matalar sergide ýerleşdiriler.
Serginiň dowamynda daşary ýurdyň dürli kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk gatnaşygyny ýola goýmak maksady bilen, degişli gepleşikleriň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär.